Pompeo, Eýrany “terrora goldaw bermekde we dartgynlyk emele getirmekde” günäkärledi

" Ýakyn Gündogardaky ozalky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin täze teklipler hödürlenilmeli"

1255864
Pompeo, Eýrany  “terrora goldaw bermekde we dartgynlyk emele getirmekde” günäkärledi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Ýakyn Gündogardaky ozalky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin täze teklipleriň hödürlenilmelidigini nygtady.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalara garalan oturlyşyga gatnaşan Pompeo, Eýranyň ýadro ylalaşygyny basgylamaga dowam edýändigini belledi we Ormuz bogazynda saklan gämileri hakynda maglumat berdi.

Pompeo, Eýrany, Siriýada, Yrakda, Ýemende we Liwanda “terrora goldaw bermekde we dartgynlyk emelege getirmekde” günäkärledi.

Siriýa, Ýemen, Liwiýa we Eýran meselesiniň çözülmegi üçin hem Ýakyn Gündogarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmelidigini nygtan Pompeo “Ozalky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin täze teklipler hödürlenilmeli” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar