Putin bilen Makron bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Siriýanyň Idlib sebitinde parahatçylygyň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi

1255049
Putin bilen Makron bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler

Emmanuel Makron, Fransiýanyň günortasynda ýerleşýän we tomusky dynç alyş günlerini geçirýän ýeri bolan Breganson galasynda, iş sapary bilen ýurduna gelen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Makron: “Idlibde asuda ilat bombalaryň aşagynda ýaşaýar we esasan hem çagalar ölýär. Parahatçylygyň ýola goýulmagy hökmany. Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň guraýan hüjümleri, çagalaryň ölmegine sebäp bolýar” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Russiýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşýandygyny aýdan Makron, maý aýynda Putiniň çakylygyna laýyklykda Russiýa sapar gurajakdygyny habar berdi.

Makron Russiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşykda Ukraina meselesiniň bardygyny we onuň çözülmelidigini nygtady.

Putin bolsa öz gezeginde: “Ozallar terrorçylar Idlibiň 50 göterimine gözegçilik edýärdi, häzirki wagtda bolsa 90 göterimine gözegçilik edýär we hüjümler bu sebitlerden guralýar. Idlibdäki terrorçylar, bu ýerden dünýäniň başga ýerlerine hem gidýär. Bu örän erbet bir zat. Idlibde bize degişli bolan baza ençeme gezek hüjüm guraldy. Şol sebäpli Russiýa Siriýanyň goşunynyň Idlibdäki terrorçylara garşy hereketini goldaýar” diýip aýan etdi.

Fransiýanyň halkara howpsyzlyk babatynda möhüm kararlar kabul edendigini aýdan Putin, Russiýanyň Ýewropa Geňeşine gaýdyp barmagynda Fransiýanyň rolunyň uludygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar