Pakistan-Hindistan serhet zolagynda hindistanly esgerler od açdy

Wakada 2 adam ýogaldy

Pakistan-Hindistan serhet zolagynda hindistanly esgerler od açdy

Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky Jammu Kaşmir gözegçilik zolagynda hindistanly esgerleriň od açmagy netijesinde asuda ilatdan 2 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, serhet zolagynyň golaýyndaky Hot Spring we Çirikot obalarynda hindistanly esgerleriň od açmagy netijesinde asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygy, 1 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Beýanatda ministrlige çagyrylan hindistanly diplomata, sebitleýin parahatçylyga wehim salýan ylalaşygyň düzgün bozulmalary sebäpli Hindistanyň bu hereketiniň protest edilendigi habar berildi.

Hindistanyň eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän Jammu Kaşmiriň ýörite statuslydygyny ykrar edýän konstitutsion maddanyň aýrylmagyndan soň sebitiň ýagdaýy we geljegi bilen bagly dartgynlyklar dowam edýär.

Hindistan Jammu Kaşmire aýratyn hukuk ykrar edýän konstitutsiýanyň 370-nji maddasyny 5-nji awgustda aýyryp, sebitiň ýötite hukuk statusyny ortadan aýyrypdy.


Etiketkalar: od açmak , Hindistan , Pakistan

Degişli Habarlar