“Familiýamyz wagşy manysyny aňladýan “Wahşdy”

Bu beýannama Başar Asadyň dogan inişi tarapyndan berildi

1253635
“Familiýamyz wagşy manysyny aňladýan “Wahşdy”

Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň oppozisiýadaky dogan inişi Firas Asad atalary Ali Asadyň familiýasynyň arap dilinde wagşy manysyny aňladýan “Wahşdan”, ýolbars manysyny aňladýan “Asada” öwrülendigini beýan etdi.

Başar Asadyň dogan agasynyň ogly Firas Asad sosial media hasabyndan atalary Ali Asadyň pasportunyň fotosuratyny ýaýradyp, hakyky familiýalarynyň “Asad” däl, “Wahşdygyny” habar berdi.

Şol fotosuratda atasynyň adynyň Ali, familiýasynyň bolsa “Wahş” bolandygy görülýär.

Firas Asadyň fotosuraty “Hemmeler gyssagly ýaýratsyn we belli alsyn. Arz-şikaýatlar sebäpli resminama aýyrdylyp bişner” diýlen bellik bilen ýaýratmagy ünsleri çekdi.

Firas Asad sosial media arkaly ozal beren habarnamalarynda Başar Asadyň asuda ilatdan azyndan 500 müň adamy we alewi messebinden-de 100 müň adamy öldürendigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar