Ysraýylyň polisiýa işgärleri ýene-de bir palestinalyny öldürdiler

Ysraýylyň Polisiýa işgärleri, Iýerusalimiň Köne şäher diýilen ýerinde polisiýa işgärleriniň birine pyçak bilen hüjüm gurandygyny öňe sürüp bir palestinalyny atyp öldürdi, 2 adamy bolsa ýaralady

1253512
Ysraýylyň polisiýa işgärleri ýene-de bir palestinalyny öldürdiler

Palestinanyň saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň polisiýasynyň Iýerusalimiň Köne şäher diýilen ýerinde polisiýa işgärleriniň birine pyçak bilen hüjüm gurandygyny öňe sürüp bir palestinalyny şehit edendigi mälim edildi.

Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň 1-iniň ýagdaýy agyr 2 adamy bolsa ýaralandygy aýdylýan beýanatda, ýogalan we ýaralanan palestinalylaryň şahsyýetleri barada bolsa maglumat bermedi.

Ysraýylyň polisiýa gullugyndan ozal berilen beýanatda, Iýerusalimiň Köne şäher diýilen ýerinde polisiýa işgärleriniň birine pyçak bilen hüjüm gurandygy, şol sebäpli polisiýa işgärleriniň od açyp 2 palestinalyny ýaralandygy habar berilipdi.


Etiketkalar: #şehit , #Ysraýyl , #Palestina

Degişli Habarlar