Pakistan-Hindistan serhet zolagynda ýene-de bir esger ýogaldy

Pakistan, hindi esgerleriň Jammu Kaşmir sebitindäki gözegçilik liniýasyna od açmaklary netijesinde Pakistanly 1 esgeriň ýogalandygyny habar berdi

1253383
Pakistan-Hindistan serhet zolagynda ýene-de bir esger ýogaldy

Pakistanyň goşunynyň metbugat sekretary Asif Ghafoor, Twitter hasabyndan: “Buttal şäherçesinde bu topraklaryň ýene-de bir batyr ýigidi gözegçilik liniýasynda ýogaldy” diýip habar berdi.

Ghafoor, Pakistanly esgeriň Hindistanyň howpsyzlyk güýçleriniň od açmagy netijesinde ýogalandygyny mälim etdi.

Pakistan we Hindistan arasyndaky Jammu Kaşmir gözegçilik liniýasynda düýn ýüze çykan çaknyşykda bolsa 5 hindi esger, 3 pakistanly esger we asuda ilatdan 2 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #Hindistan , #esger , #Pakistan

Degişli Habarlar