Hindistan-Pakistan serhedinde çaknyşyk boldy

Wakada jemi 10 adam ýogaldy

1253276
Hindistan-Pakistan serhedinde çaknyşyk boldy

Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky Jammu Kaşmir gözegçilik liniýasynda ýüze çykan çaknyşykda 5 hindi esger, 3 pakistanly esger we asuda ilatdan 2 adam bolmak bilen jemi 10 adam ýogaldy.

Pakistanyň metbugatynda berilen habara görä, Pakistanyň goşuny tarapyndan berilen beýanatda, Kaşmir gözegçilik liniýasyndaky Leepa şäherçesinde Hindistan tarapyndan açylan oda garşy Pakistanyň garşylyk görkezip od açandygy we ýüze çykan çaknyşykda 5 hindi esgeriň we 3 pakistanly esgeriň ýogalandygy habar berildi.

Serhediň golaýyndaky Poonçi obasynda hem Hindistan tarapyndan Pakistana minomýot bilen hüjüm guralmagy netijesinde asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #Kaşmir , #Hindistan , #Pakistan

Degişli Habarlar