Britaniýada pyçakly hüjüm guraldy
Britaniýada Içeri işler ministrliginiň binasynyň öňünde bir adam pyçakly hüjüme sezewar galdy
1253165

Britaniýanyň Polisiýasy tarapyndan berilen beýanatda, ýerli wagt bilen sagat 13:06-da ýurdyň paýtagty Londonda Içeri işler ministrliginiň binasynyň ýerleşýän Marşam köçesinde pyçakly bir adamyň bardygy barada maglumatyň alynandygy mälim edildi.
Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri pyçak bilen ýaralanan bir adamyň anyklanandygyny, ýaralanan adamyň janynyň howp astynda bolmandygyny habar berdiler.
Hüjümiň terror bilen arabaglanşykly bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedik beýanatda, waka bilen baglanşykly bir adamyň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi.
Degişli Habarlar

“Ýerlikli Şertler Ýüze Çykan Halatynda Ukraina Giderin”
Ýaponiýanyň lideri howpsyzlyk aladasy sebäpli Ukraina sapar guramak islemeýär