Pakistan Kaşmir meselesiniň seljerilmegi üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine çagyryş berdi

"Hindistanyň Jammu Kaşmiriň statusy meselesinde kabul eden kararlary sebitara we halkara parahatçylyga wehim salýar"

Pakistan Kaşmir meselesiniň seljerilmegi üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine çagyryş berdi

Pakistan Jammu Kaşmir meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine çagyryş berdi.

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine Jammu Kaşmir meselesiniň gyssagly seljerilmegi maksady bilen ýazan hatynda, Hindistanyň hökümetiniň soňky hüjüm ediji syýasatynyň Kaşmiriň halkara derejesinde ykrar edilen awtanomlyk statusyna zeper ýetirmegi maksat edinýändigini belledi.

Kureýşi Hindistanyň Jammu Kaşmiriň statusy meselesinde kabul eden kararlarynyň sebitara we halkara parahatçylyga wehim salýandygyny, şol kararlaryň sebitde etniki arassaçylyk ýaly aksiýalara sebäp bolup biljekdigini nygtady.

Beýleki tarapdan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Polşanyň Daşary işler ministri Gzaputowiç, Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky dartgynlygyň Günorta Aziýa sebitine ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigini we hatyň BMG-nyň Howpsyz geňeşine agza ýurtlaryň arasynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar