Italiýada şäriklik hökümeti krizisi çuňlaşýar

Premýer ministr Konteniň 20-njy awgustda wezipesinden çekilip bilinjekdigi öňe süülýär

Italiýada şäriklik hökümeti krizisi çuňlaşýar

 

Italiýada şäriklik hökümeti krizisi çuňlaşýar

Senadyň Baş Assambleýasynyň, garaýyş tapawutlylygy sebäpli Tizligi ýokarlandyrlan otly baradaky taslamanyň sese goýulmagyndan soň düýn gysagly jemlenişmegi barada çagyryş berlipdi.

Tomusky dynç alyşlaryny tamamlanan paýtagt Rime dolanan senatorlar, Baş Assambleýada, Lig partiýasynyň we beýleki sagçy partiýalaryň hökümet üçin ynam sese goýulşygynyň ertir geçirilmegi baradaky teklipleri üçin ses berdi.

Çekeleşikli geçen sese goýulşykda teklipler kabul edilmedi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hökümet krizisiniň çuňlaşýandygyny we Premýer ministr Konteniň 20-njy awgustda wezipesinden çekilip bilinjekdigini öňe sürýär

Ýurtda birnäçe wagtdan bäri garaýyş tapawutlylygy sebäpli şäriklik hökümetiniň agzalaryndan Lig partiýasynyň lideri Matteo Salwini, irki saýlawyň geçirilmegi barada çagyryş beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar