Peskow Siriýanyň Konstitutsion komiteti bilen bagly beýanat berdi

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Siriýanyň Konstitutsion komitetiniň döredilmegi bilen bagly işleriň tamamlanyp barýandygyny beýan etdi

1252152
Peskow Siriýanyň Konstitutsion komiteti bilen bagly beýanat berdi

Peskow, ýurdyň paýtagty Moskwada metbugat işgärlerine Siriýa krizisi bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Siriýanyň Konstitutsion komitetiniň döredilmegi bilen baglanşykly Peskow: "Taýarlyk işleri tamamlanyp barýar, komitetiň gurulmagy üçin soňky etaby hem tamamlap barýarys" diýip habar berdi. 

Peskow, Türkiýe-Russiýa-Eýran Üçtaraplaýyn maslahatyň Türkiýede geçirilmegi üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini mälim etdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, Ukrainanyň gündogaryndaky krizisiň çözülmegi babatynda hem dialoga açykdygyna ünsleri çeken Peskow: "Iki ýurdyň liderleriniň duşuşyklarynyň oňyn geçendigini aýdyp bolar. Putin üçin gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi möhüm" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar