Dohadaky ABŞ-Taliban gepleşikleri tamamlandy

ABŞ-nyň we Talibanyň arasynda Kataryň paýtagty Dohada geçirilen gepleşikleriň 8-nji tapgyry tamamlandy

Dohadaky ABŞ-Taliban gepleşikleri tamamlandy

Merkezi ofisi Katardan ýerleşýän El-Jezire telewideniýesine interwýu beren Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahit, Taliban bilen ABŞ-nyň arasynda Doha şäherinde geçirilen gepleşikleriň 8-nji tapgyrynyň düýn agşam tamamlanandygyny habar berdi.

Gepleşikleri konstruktiw we uzyn hökmünde häsýetlendiren Müjahit, mundan soňky etapda taraplaryň öz liderleri bilen etjek ädimleri barada pikir alyşjakdygyny aýan etdi.

Kataryň Emiri Temim bin Hamed Al Sani we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, geçen hepdäniň penşenbe güni geçiren telefon söhbetdeşliklerinde Taliban bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikler boýunça ýetilen sepgitleri maslahatlaşypdylar.


Etiketkalar: gepleşikler , ABŞ , Doha , Taliban

Degişli Habarlar