Eýrandan ABŞ-e çagyryş

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, amerikalylaryň Pars aýlagyndaky hereketleriniň ýalňyşdygyny belläp, resmi Waşingtondan pozisiýasyny üýtgetmegini isledi

1251627
Eýrandan ABŞ-e çagyryş

Prezident Diwanyndan alynan maglymata görä, Ruhani we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani geçiren telefon söhbetdeşliklerinde Ormuz bogazynda we Pars aýlagynda soňky wagtlarda başdan geçirilýän hadysalar barada pikir alyşdylar.

Sebitdäki dartgynlygyň azaldylmagynyň taraplaryň bähbidine boljakdygyny aýdan Ruhani: “Amerikalylaryň edýän hereketleriniň ýalňyşdygyna düşünmeklerini umyt edýärin. Bu syýasatyň üstün çykan tarapy bolmaz we pozisiýalaryny üýtgetmekleri gerek” diýip nygtady.

Eýranyň Pars aýlagyndaky, Ormuz bogzyndaky we Oman deňizindäki howpsyzlygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýdan Ruhani, ol ýeriň howpsyzlygynyň üpjün edilmeginiň sebitiň halkynyň peýdasyna boljakdygyny beýan etdi.

ABŞ başda bolmak bilen sebitiň daşyndaky ýurtlaryň Pars aýlagynda edýän göçümleriniň dünýä ýurtlary üçin howpsyzlygy artdyjakdygyny, sebitdäki meseleleri has hem çylşyrymlaşdyrjakdygyny we howply bir ýagdaýa getirjekdigini aýdan Ruhani: “Pars aýlagynyň durnuklylygy we howpsyzlygy, bu ýere serhedi bolan ýurtlaryň bilelikde aljak çäreleri bilen mümkindir. Taryhy tejribeler, daşary ýurtlaryň goşulmaklarynyň dartgynlygy has hem artdyrandygyny we sebitiň ýagdaýyny hasam çykgynsyzlaşdyrandygyny görkezdi” diýip belledi.

Kataryň Emiri Al Sani bolsa öz gezeginde, sebitdäki dartgynlygyň azaldylmagynyň sebitdäki we dünýädäki halklaryň peýdasyna boljakdygyny nygtap, resmi Dohanyň dartgynlygyň gowşamagy üçin islendik tagalladan ýüz öwürmejekdigini aýan etdi.


Etiketkalar: #çagyryş , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar