ABŞ-däki ýangynda 5 çaga ýogaldy

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda ýetimler öýünde ýüze çykan ýangynda aralarynda 8 aýlyk bäbek hem bolan jemi 5 çaga ýogaldy

ABŞ-däki ýangynda 5 çaga ýogaldy

Pensilwaniýa ştatynyň Erie şäherinde ýerleşýän bir ýetimler öýünde düýn gije ýangyn ýüze çykdy. 

Sebite köp sanda ýangyn söndüriji we tiz kömek ulagy gönükdirildi. 

Ýangyn söndürijiler ýangyny gysga wagtyň içinde gözegçilik astyna aldy. Aralarynda ýetimler öýüniň eýesiniň hem bolan ýaralanan adamlar bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy.  

Resmiler ýangynda ýetimler öýünde ýaşaýan 1 zenan bilen 12 we 17 ýaşyndaky 2 çaganyň bolsa penjireden böküp halas bolandygyny habar berdiler. 

 



Degişli Habarlar