Donald Tramp Ogaýo ştatynda protest edildi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ogaýo ştatynyň Deýton şäherine guran saparynda protest edildi

1249909
Donald Tramp Ogaýo ştatynda protest edildi

Donald Tramp aýaly Melani Tramp bilen, geçen hepdäniň soňunda 9 adamyň öldürilmegi bilen netijelenen hüjümiň başdan geçirilen ýeri bolan Deýton şäherine sapar gurap, wakada ýogalan adamlaryň dogan garyndaşlary bilen duşuşdy.

Hüjümde ýaralanan adamlaryň bejergi edilýän hassahana baryp gören Tramp, metbugat işgärleriniň hassahana salynmadyk saparynda öldürilen adamlaryň maşgalalary bilen duşuşyk geçirdi.

Ak tamyň Metbugat sekretarlygy, Trampyň maşgalalar bilen geçiren duşuşygynda, bu görnüşli ýaragly hüjümleriň öňüni almak üçin ellerinden gelenini etjekdiklerini beýan etdi.

Donald Trampyň hassahanasapary dowam edýärkä, hassahana golaý bir ýerde ýygnanan adamlar ony protest etdiler.

Ellerindäki ýazgyly şygarlar bilen Trampy ak rasistlere garşy hiç zat etmezlik bilen günäkärleýän demonstrantlar, ýurdyň Prezidentine garşy şygarlar aýtdylar.

Deýton şäherinden soň 22 adamyň öldürilmegi bilen netijelenen başga bir ýaragly hüjümiň guralan ýeri bolan Tehasyň El Paso şäherine gitjek Donald Trampyň ol ýerde hem protest ediljekdigi çak edilýär.

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň El Paso şäherindäki söwda merkezleriniň birinde geçen hepdäniň ahyrynda guralan ýaragly hüjümde 22 adam ýogalypdy, 26 adam ýaralanypdy.

Bu hüjümden birnäçe sagat soň bolsa Ogaýo ştatynyň Deýton şäherinde barlaryň biriniň golaýynda guralan ýaragly hüjümde bolsa 9 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar