Ysraýylly esgerler rak keseline duçar bolýar

Ysraýylda aglabasy howa goranyş ulgamy Demir Gupbada iş alyp barýan 30 harbynyň rak keseline duçar bolandygy habar berildi

1247800
Ysraýylly esgerler rak keseline duçar bolýar

Ysraýylyň Kanal 13 telewideniýesinde işleýän žurnalist Adam Şafer, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, aglabasy Demir Gupba ulgamynda iş alyp barýan 30 esgeriň rak keseseline sezewar bolandygyny aýan etdi.

Şafer, ysraýylly esgerleriň howa goranyş ulgamynda işlemekleri bilen kesele duçar bolmaklarynyň arasynda bir arabaglanşygyň bolup-bolmandygyny derňelmegini isledi.

Ysraýylyň goşuny bolsa mesele bilen bagly beýanat bermedi.

Demir Gupba raketa goranyş ulgamy, gysga aralykly raketalara garşy ulanylýar.


Etiketkalar: #esger , #Ysraýyl

Degişli Habarlar