"Britaniýa, Ormuz bogazynda söwda gämileriniň goralmagy üçin döredilen hyzmatdaşlyga goldaw berer"

Britaniýa halkara deňiz howpsyzlyk güýjüniň hataryna goşular

1248873
"Britaniýa, Ormuz bogazynda söwda gämileriniň goralmagy üçin döredilen hyzmatdaşlyga goldaw berer"

Britaniýa, Ormuz bogazynda söwda gämileriniň goralmagy üçin ABŞ-nyň öňbaşçylygynda döredilen hyzmatdaşlyga goldaw berjekdigini mälim etdi.

Britaniýanyň Premýer ministri Dominik Raab beren beýanatynda ýurdunyň ABŞ-nyň öňbaşçylygynda döredilen “Halkara deňiz howpsyzlyk güýjüniň” hataryna goşuljakdygyny aýtdy.

Dominik Raab hyzmatdaşlygyň deňizleriň howpsyzlygynyň güýçlendirilmegi taýdan möhümdigini nygtady.

Britaniýanyň Premýer ministri “Dartgynlygyň azaldylmagy we ýadro şertnamasynyň goralyp saklanmagy üçin Eýran we halkara hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde işleşmek isleýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Baş ştatynyň başlygy goşun generaly Dunford, geçen aý beren beýanatynda “Birnäçe ýurt bilen Ormuz we Babul Mendep bohazynda howpsyzlygyň goralyp saklanmagy üçin gepleşik geçirýäris” diýipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar