ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Deýton şäherinde barlaryň biriniň golaýynda guralan ýaragly hüjümde 9 adam ýogaldy

1247588
ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

Deýton şäheriniň Içeri işler müdürliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, şäheriň Oregon diýilen ýerinde ýerli wagt bilen sagat 01:22-de barlaryň biriniň öňünde ýaragly hüjüm guraldy. 

Hüjümiň golaýynda bolan polisiýa işgärleri hüjümçini gysga wagtda täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Hüjümçiden daşary 9 adamyň ýogalan hüjümde şeýle hem 16 adamyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Şäheriň häkimi Nan Ueýli, geçiren metbugat ýygnagynda hüjümçiniň demir žilet geýendigini we öz ýanynda örän köp okyň bolandygyny habar berdi. 

Ogaýo ştatynyň gubernatory Maýk Deuaýn, ştatda baýdaklaryň aşak düşürilmegi barada buýruk berdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, waka bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beren beýanatynda, federal we ýerli resmileriň derňewi bilelikde geçirýändigini aýan etdi. 

Tramp: "Taňry El Paso Tehas halkyny gorasyn. Taňry Deýtonyň, Ogaýonyň halkyny gorasyn" diýip belledi. 

 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ogaýo ştaty

Degişli Habarlar