ABŞ Ormuz bogazynda öz gämilerini gorar

"Eýran tarapyndan abanýan howp sebäpli Ormuz bogazynda öz gämilerimize deňiz flodymyz ýoldaşlyk eder"

1242408
ABŞ Ormuz bogazynda öz gämilerini gorar

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mark Esper, Eýran tarapyndan abanýan howp sebäpli Ormuz bogazynda Amerikanyň baýdagyny göterýän gämilere ýurdunyň deňiz flodynyň ýoldaşlyk etjekdigini aýtdy.

Esper şu gün ministrlikde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi.

Eýranyň soňky günlerde Ormuz bogazynda käbir ýurtlara degişli gämileri zamun almagy hakyndaky soraga jogap beren Esper, Eýranyň şuňa meňzeş hereketleriniň öňüni almak üçin Amerikanyň baýdagyny göterýän gämilere ABŞ-nyň deňiz flodynyň ýoldaşlyk etjekdigini nygtady.

Esper “Iňlisler öz gämilerine ýoldaşlyk edýär. Biz hem ýagdaýa görä öz gämilerimize ýoldaşlyk ederis. Beýleki ýurtlaryň hem öz gämilerini gorajakdykalry barada pikir edýäris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar