Katar, Ormuz bogazynda dartgynlygyň möwjemegine alada bildirdi

Eýranyň anna güni Ormuz bogazynda biri Britaniýa beýlekisi Liberiýa degişli 2 nebit tankerini saklandygy habar berlipdi

1240299
Katar, Ormuz bogazynda dartgynlygyň möwjemegine alada bildirdi

 

Katar Ormuz bogazynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändigini mälim etdi we taraplary parasatlylyga çagyrdy.

Kataryň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, resmi Dohanyň Ormuz bogazynda başdan geçirilýän we halkara deňiz gatnawyna ýaramaz täsirini ýetirip biljek wakalara alada bildirýändigi nygtaldy

Beýanatda wakalaryň gysssagly gözegçilik astyna alynmagynyň möhümdigi bellenildi we Kataryň taraplary parasatlylyga çagyrýandygy ýatladyldy.

Eýranyň anna güni Ormuz bogazynda biri Britaniýa beýlekisi Liberiýa degişli 2 nebit tankerini saklandygy habar berlipdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar