Tramp "Eýrana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdik"

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ormuz bogazynda Eýrana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendiklerini aýtdy

1238674
Tramp "Eýrana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdik"

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ormuz bogazynda Eýrana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendiklerini aýtdy.

Ak Tamda beýanat beren Tramp, Ormuz bogazynda ABŞ-nyň deňiz güýçlerine degişli USS Boxer amfiki hüjüm gämisiniň we ekipažynyň howpsyzlygyna wehim salan uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendiklerini aýtdy.

Trmap birnäçe gezek duýduryş berlendigine garamazdan gäminiň 900 metre çenli ýanyna gelendigi sebäpli Eýrana degişli uçarmansyz howa ulagyny “goranyş maksatly” urup düşürendiklerini ýatlatdy

Eýranyň Daşary işler ministr Jawad Zarif  BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň ady agzalýan beýanaty barada durup geçdi.

Jawad Zarif “Biziň şu gün uçarmansyz howa ulagymyzyň urulup düşürlendigi barada hiç hili maglumat ýok” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar