Hasan Ruhani Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki lider sebitara we halkara meseller hakynda pikir alyşdy, ýadro şertnamasynyň dowam etdirilmegi üçin edilýän tagallalary seljerdi

1238648
Hasan Ruhani Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseller hakynda pikir alyşdy, ýadro şertnamasynyň dowam etdirilmegi üçin edilýän tagallalary seljerdi.

Ruhani başdan geçirilýän kynçylyklara garamazdan taraplaryň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmalydygyny nygtady.

Ruhani “ÝB-ne agza ýurtlar Eýranyň legal hukuklarynyň dikeldilmegi we ABŞ-nyň yglan eden ykdysady söweşiniň bes edilmegi baradaky tagallalaryň depginini güýçlendirmelidir” diýdi.

Ruhani ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan sanksiýalaryny artdyrmagynyň, ýadro şertnamasy taýdan howplydygyna ünsi çekdi.

Ruhan Fransiýanyň ýadro şertnamasynyň dowam etdirilmegine ähmiýet berýändigini nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem taraplaryň ýadro şertnamasynyň dowam etdirilmegi we dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin edýän tagallalarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar