Tramp: “S-400 almagy sebäpli Türkiýä sanksiýa goýmakçy däl”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýä S-400 almagy sebäpli sanksiýa goýmakçy däldigini aýtdy

1238490
Tramp: “S-400 almagy sebäpli Türkiýä sanksiýa goýmakçy däl”

Donald Tramp Owal ofisde Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny satyn almagy bilen bagly garaýyş beýan etdi.

Tramp: “Türkiýä sanksiýa goýarsyňyzmy” diýlen soraga: “Ýok. Häzirki wagtda bu meselä seredemizok. Beýle pikirim ýok” diýip jogap berdi.

Prezident R.T.Erdogan geçen aý G20-niň Ýaponiýada geçirilen maslahatynda gitmezden ozal beren beýannamasynda: “NATO agza ýurtlar biri-birine sanksiýa goýmaga başlan bolsa, dogursy men bilemok. Hormatly Tramp bilen duşuşyklarynda beýle pikir döremedi” diýipdi.



Degişli Habarlar