"NATO-nyň Türkiýe bilen edýän hyzmatdaşlygy F-35-lerden has çuňňur"

Stoltenberg, Türkiýäniň Russiýadan alýan S-400 howa goranyş ulgamlary baradaky etap bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny belledi

1237556
"NATO-nyň Türkiýe bilen edýän hyzmatdaşlygy F-35-lerden has çuňňur"

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, NATO-nyň Türkiýe bilen edýän hyzmatdaşlygynyň F-35-lerden has çuňňurdygyny aýtdy.

Stoltenberg, Türkiýäniň Russiýadan alýan S-400 howa goranyş ulgamlary baradaky etap bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny belledi.

Stoltenberg “Her bir ýurt haýsy howa goranyş ulgamlaryny satyn aljakdygyna özü karar berýär. NATO üçin esasy zat şol ulgamlaryň NATO utgaşykly işlemegi” diýdi.

Stoltenberg Türkiýäniň alan S-400 ulgamlary NATO-nyň howa goranyş ulgamlary bilen integrirlenip bilmez, sebäbi bolar bir ýerde işläp bilýän ulgamlar däl. Onsuz hem Türkiýe şeýle ulgamlary talap etmedi” diýdi.

“Türkiýäniň NATO goşýan goşandy we NATO-nyň Türkiýe bilen edýän hyzmatdaşlygy F-35-lerden has çuňňur” diýen Stoltenberg, terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde esasy hyzmatdaş bolan Türkiýäniň, NATO-nyň Balkanlardaky, Kosowadaky we Owganystandaky operasiýalaryna uly goşant goşýandygyny ýatlatdy.

Soltenberg “NATO-nyň esasy agzasy Türkiýe, S-400-lerden has möhüm. Türkiýe NATO-nyň howa goranyş ulgamynyň integrirlenen bölegi we şeýle bolmagynda galar” diýip belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar