Eýran Pars aýlagynda daşary ýurtlardan birine degişli nebit tankeriniň döwülendigini beýan etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abbas Musewi daşary ýurtlardan birine degişli nebit tankeriniň Pars aýlagynda döwülendigini aýtdy

1237151
Eýran Pars aýlagynda daşary ýurtlardan birine degişli nebit tankeriniň döwülendigini beýan etdi

Musewi Eýranyň döwlet teleýaýlymyndan berilen beýannamasynda şenbe gijesin bäri habar alynmaýan Birleşen Arap Emirliklerine degişli nebit tankeri barada maglumat berdi.

Eýran adyny agzaman daşary ýurtlardan birine degişli nebit tankerinde Pars aýlagynda tehniki näsazlygyň ýüze çykandygyny beýan eden Musewi, Eýranyň harby güýçleriniň kömek talabyndan soň halkara kanunlara laýyklykda gämä kömek berendigini aýtdy.

Eýranyň Birleşen Arap Emirliklerine degişli nebit tankerini saklandygy baradaky habarlara reaksiýa bildiren Musewi, Eýranyň harby güýçleriniň tehniki näsazlyga sezewar bolan gämä degişli kömegi bermek üçin Eýranyň suw giňişligine çekendigini aýtdy.

Ormoz bogazynda barýarka BAE-ne degişli nebit tankerinden şenbe gijesinden bäri habar alynmaýandygy beýan edilipdi.



Degişli Habarlar