Owganystanda bombanyň ýarylmagy sebäpli 9 adam ýogaldy

Bombanyň Taliban tarapyndan goýlandygy nygtalýar

Owganystanda bombanyň ýarylmagy sebäpli 9 adam ýogaldy

Owganystanda ýola goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli 9 adam ýogaldy

Ýurduň günortasynda ýerleşýän Kandahar welaýatynyň Hakriz etrabynda ýola goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 9 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Welaýat häkimi Haýatullah Haýat metbugata beren beýanatynda Hakriz etrabynyň Derzab obasynda ýola goýlan bombanyň asuda ilaty alyp barýan ulag geçip barýarka ýarylandygyny aýtdy.

Partlamada 9 adamyň ýogalandygyny aýdan Haýat, 18 adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Welaýat häkimi Haýatullah Haýat bombanyň Taliban tarapyndan goýlandygyny ýatlatdy

 

 


Etiketkalar: ulag , bomba , Owganystan

Degişli Habarlar