Fransiýanyň Prezdenti Makron resmi sapar bilen Serbiýa bardy

Makron Serbiýa bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändiklerini aýtdy

1236462
Fransiýanyň Prezdenti  Makron resmi sapar bilen Serbiýa bardy

Resmi sapar bilen Serbiýa baran Fransiýanyň Prezdenti Emmanuel Makron paýtagt Belgratda kärdeşi Aleksandar Wujij bilen duşuşdy

Fransuz lider özara duşuşykdan soň beren beýanatynda Serbiýa bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändiklerini aýtdy.

Makron iki ýurduň arasynda bilim, medeniýet, transport, goranyş we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi üçin baglaşylan teswirnamalaryň gatnaşyklaryň pugtalanmagyna iteri berjekdigini belledi.

Serbiýanyň uly Ýewropa ýurtlaryndan biridigini nygtan Makron “ÝB, Serbiýany agzalyga kabul etmek üçin käbir kanuny üýtgetmeleri kabul etmeli. ÝB mas möhüm kararlar kabul etmeli” diýdi.

Serbiýanyň Prezidenti Wujij hem ÝB-ne agzalyk etabynda Fransiýanyň özlerine ýakyndan goldaw bermegini isledi.

Fransiýadan 50 raketa satyn aljakdyklaryny aýdan Wujij, “Harby taýdan bitarap bolan ýurdumyz, goranyş senagatyny güýçlendirmek üçin tagalla edýär” diýdi


Etiketkalar: #agzalyk , #Serbiýa , #Fransiýa

Degişli Habarlar