BMG Zarife goyulan çäklendirme boyunça ABŞ-na nägilelik bildirdi

ABŞ Eyranıň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifiň sanksiýa sanawyna goşuljakdygyny beýan edipdi

BMG Zarife goyulan çäklendirme boyunça ABŞ-na nägilelik bildirdi

BMG, Eyranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifiň Nyu-Yorka gurajak saparyna goyuljak çäklendirme boyunça BMG-niň ştab kwartirasyna yer eyeçiligini edyän ABŞ-nyň hökümetine öz nägileligini yetirendigini habar berdi.

BMG-niň metbugat sekretarlaryndan Farhan Hak gündelik metbugat brifinginde ABŞ-nyn Zarife goyan syyahat çäklendirmesi barada beyannama berdi.

Hak Baş sekretarlygyň yer eyesi yurt ABŞ tarapyndan Zarife goyulan syyahat çäklendirmesini bilyändigini nygtap: “Sekretariat bu meselede ABŞ-nyň we Eyranyň BMG-niň yanyndaky hemişelik wekilleri bilen yakyn aragatnaşykda hem-de öz nägileligini yer eyesi yurda yetirdi” diydi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iyun ayynyň ahyrynda Eyranyň ABŞ-na degişli dronuny urup düşürendigi sebäpli Eyranyň dini lideri Ayatulla Ali Hamaney bilen bilelikde Eyrana goşmaça sanksiyalar goymak baradaky permana gol çekipdi.

ABŞ-nyň Gazna ministri Stiwen Mnuçin şol gün Eyranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifiň hem sanksiya sanawyna goşuljakdygyny beyan eden hem bolsa, ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy şu hepde BMG-de gatnaşjak maslahaty üçin Eyranyň Daşary işler ministri Zarihe wiza berilmegi baradaky islegi tassyklapdy.

Amerikan mediasynyň habar bermegine görä bolsa Zarif syhahat çäklendirmesine layyklykda Nyu-Yorkda diňe BMG-niň ştab kwartirasyna, Eyranyň Hemişelik wekilhanasyna, Eyranyň Hemişelik wekiliniň kabulhanasyna we howa menziline baryp biler.

Eyranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abbas Musewi bolsa Zarifiň adaty yagdayda BMG-niň ştab kwartirasyna, Eyranyň Hemişelik wekilhanasyna, Eyranyň Hemişelik wekiliniň kabulhanasyna gidip gelendigini we ähli duşuşyklary şol yerde geçirendigini beyan edipdi.

 


Etiketkalar: sanksiýa , Jawad Zarif , Eýran , ABŞ , BMG

Degişli Habarlar