ABŞ Eýranyň Daşary işler ministri Zarife wiza berdi

Zarife wiza berilmän halatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da dartgynlaşyp biljekdigi sebäpli Eýranly ministre wiza berlendigi nygtaldy

ABŞ Eýranyň Daşary işler ministri Zarife wiza berdi

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, BMG-da şu hepde geçiriljek maslahata gatnaşmagy üçin Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarife wiza berilmegini tassyklady

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Amerikaly ýolbaşçylara esaslanýan habarynda, Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň hut özüniň Zarife wiza berilmegini tassyklandygyny mälim etdi.

Habarlarda, Zarife wiza berilmän halatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da dartgynlaşyp biljekdigi sebäpli Eýranly ministre wiza berlendigi nygtaldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, iýun aýynyň ahyrynda Eýranyň ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigi sebäpli Eýranyň lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen birlikde Eýranly ýolbaşçylara täze sanksiýa goýulmagy barada karar kabul edipdi.

Şol gün ABŞ-nyň Gazna ministrligi, Eýranyň Daşary işler ministri Zarifiň hem sanksiýa sanawyna alynjakdygyny mälim edipdi.

 

 

 


Etiketkalar: sanksiýa , wiza , Jawad Zarif , Eýran

Degişli Habarlar