"Şu gün agdarlyşyk synanşygynyň üçünji ýyly we biz şol güni we şol gijäni ýatdan çykarmadyk"

ÝB-niň ýokary wekili Federika Mogherini, şu gün FETÖ-niň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň 3-nji ýylydygyny nygtady

"Şu gün agdarlyşyk synanşygynyň üçünji ýyly we biz şol güni we şol gijäni ýatdan çykarmadyk"

 

ÝB-niň Daşary syýasatsan we howpsyzlykdan jogapkar ýokary wekili Federika Mogherini, şu gün Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň 3-nji ýylydygyny nygtap,  “Türk halkyna goldaw berýäris” diýdi.

Mogherini ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen maslahatyň öňüsyrasynda metbugata beýanat berdi.

Ýaňy ýakynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzi meselesinde alyp barýan syýasatlary hakynda pikir alyşandygyny aýdan Mogherini “Çawuşogly bilen bolan duşuşygyma türk halkyna goldaw berýändigimizi nygtamak bilen başladym. Şu gün agdarlyşyk synanşygynyň üçünji ýyly we biz şol güni we şol gijäni ýatdan çykarmadyk. Agdarlyşyk synanşygyna garşy türk halkyna goldaw berýäris” diýdi.



Degişli Habarlar