“ABŞ sanksiýalardan ýüz öwürip gepleşik stoluna oturan halatynda biz hem oturarys”

Ruhani ýadro ylalaşygyny “taryhy üstünlik” hökmünde häsiýetlendirdi

“ABŞ sanksiýalardan ýüz öwürip gepleşik stoluna oturan halatynda biz hem oturarys”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-nyň sanksiýalardan ýüz öwürip gepleşik stoluna oturan halatynda ýurdunyň hem gepleşiklere gatnaşjakdygyny aýtdy.

Demirgazyk Horasan şäherine baran Prezident Ruhani şäherdäki ýerli ýolbaşçylar bilen duşuşdy.

Ruhany ýadro ylalaşygy bilen baýlaşdyrlan urany legal ýagdaýa getirmegi maksat edinýändiklerini belledi.

Ruhani “Käbirleri ýadro ylalaşygynyň ABŞ taýdan bähbitli bolandygyny nygtaýardy, eger şeýle bolsa onda näme üçin ylalaşykdan çekildi we “Bu biziň üçin taryhyň iň erbet ylalaşygydy. Eýran bu ylalaşykda ähli zady elimizden aldy”diýip beýanat berdiler” diýdi.

Şu günlerde birnäçe gepleşik geçirjekdiklerini aýdan Ruhani “ABŞ sanksiýalardan ýüz öwürip gepleşik stoluna oturan halatynda biz hem oturarys” diýdi.

Ruhani ýadro ylalaşygyny “taryhy üstünlik” hökmünde häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň 12 ýylyň dowamynda Eýranyň atom bobasyny öndürendigini we kanunlary basgylandygyny öňe sürendigini ýatladan Ruhani, Halkara Atom energiýasy gullugynyň bu meselede beýanat berendigini we şol delonyň ýapylandygyny ýatlatdy

Eýranyň Russiýa we Hytaý bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini aýdan Prezident Ruhani, ÝB-ne agza ýurtlaryň ýadro ylalaşygyndaky wadalaryny ýerine ýetirmändigini ýada ýerine ýetirmek islemeýändigini belledi.

 

 

 

 


Etiketkalar: sanksiýa , ýadro , ylalaşyk , Eýran

Degişli Habarlar