Eýranda bolan çaknyşykda we minanyň ýarylmagy sebäpli 2 esger ýogaldy

Kirmanşah welaýatynyň Jewanrud etrabynda terrorçy topara garşy operasiýa geçirildi

1234112
Eýranda bolan çaknyşykda we minanyň ýarylmagy sebäpli 2 esger ýogaldy

Eýranyň günbatarynda bolan çaknyşykda we minanyň ýarylmagy sebäpli 2 esger ýogaldy

Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan berlen beýanata görä, Kirmanşah welaýatynyň Jewanrud etrabynda terrorçy topara garşy operasiýa geçirildi.

Operasiýada terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esgeriň ýogaldygy, terror guramasyna agza köp sanly terrorçynyň hem öldürlendigi nygtaldy.

Çaknyşykdan soň köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele geçirlendigi bellenildi.

Sewabad etrabynda hem Ynkylap goragçylary goşunyndan 1 esger minanyň ýarylmagy sebäpli ýogalandygy ýatladyldy

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar