Wenesuelanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň wekilleri Norwegiýanyň töwellaçylk etmeginde duşuşarlar

Bu barada Wenesuelanyň Wise-prezidenti Horhe Rodriges habar berdi

1231805
Wenesuelanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň wekilleri Norwegiýanyň töwellaçylk etmeginde duşuşarlar

Birnäçe aýdan bäri uly syýasy çökgünligi başdan geçirýän we agdarlyşyk synanşygy guralan Wenesuelada Prezident Nikola Maduronyň ýolbaşçylyk edýän hökümetiň we özüni wagtlaýyn prezident yglan eden oppozisiýadaky Milli Mejlisiň başlygy Huan Guaýdonyň wekilleri maý aýynda Norwegiýada geçirilen duşuşyklardan soň ýaňadandan duşuşarlar.

Taraplaryň haçan başlajakdygy beýan edilmedik gepleşikleri ýurduň demirgazyk gündogaryndaky ada döwleti bolan Barbadosda geçiriler.

Norwegiýanyň töwellaçylyk etmegindäki täze gepleşikleriň geçiriljekdigini hökümetiň adyndan habar beren Wenesuelanyň Aragatnaşyk, syýahatçylyk we medeni işlerden jogapkär Wise-prezidenti hem-de gepleşikleri alyp baryjy Horhe Rodriges gepleşikleriň gyssagly we yzgiderli geçiriljekdigini beýan etdi.

Rodriges oppozisionerler bilen konstitutsiýa laýyk çözgüdiň gözlenjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar