Siriýa meselesinde syýasy wekilleriň gatnaşmagynda Astana formatynda täze gepleşigiň geçirlip bilner

Lawrow, BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pedersen bilen duşuşdy

1231049
Siriýa meselesinde syýasy wekilleriň gatnaşmagynda Astana formatynda täze gepleşigiň geçirlip bilner

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýakynda Siriýa meselesinde syýasy wekilleriň gatnaşmagynda Astana formatynda täze gepleşigiň geçirlip bilinjekdigini aýtdy

Lawrow, BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pedersen bilen paýtagt Moskwada bolan duşuşygynyň öňüsyrasynda metbugata beýanat berdi.

Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň Siriýada parahatçylygyň üpjin edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigine ünsi çeken Lawrow, “Ýakynda Siriýa meselesinde syýasy wekilleriň gatnaşmagynda Astana formatynda täze gepleşigiň geçirilmegi meýilleşdirilýär” diýdi

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pedersen bolsa Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, Siriýanyň İdlib şäherinde durnuklylygy üpjün etjekdigine uly ynam bildirýändigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar