BMG ABŞ sebäpli Liwiýada bosgunlara garşy guralan hüjümi ýazgaryp bilmedi

Howpsyzlyk geňeşiniň hüjümi ýazgarýan we taraplara hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýän beýanatyna ABŞ goldaw bermedi

1229988
BMG ABŞ sebäpli Liwiýada bosgunlara garşy guralan hüjümi ýazgaryp bilmedi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, Liwiýada 40-dan gowrak bosgunyň ýogalmagyna sebäp bolan howa hüjümini ABŞ sebäpli ýazgaryp bilmedi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň golaýynda ýerleşýän Tajura etrapçasnda bosgun merkezine garşy guralan howa hüjümi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly jemlenişdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna göra, Howpsyzlyk geňeşiniň hüjümi ýazgarýan we taraplara hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýän beýanatyna ABŞ goldaw bermedi.

Howpsyzlyk geňeşiniň agzalaryna Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda berlen maglumatda, Liwiýada taraplaryň elindäki ýaraglaryň gün saýyn artýandygyna üns çekildi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň Germaniýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Twitter arkaly Liwiýada guralan hüjümi berk ýazgardy.

Germaniýa syýasy etabyň ýaňadandan başlamagy we gurama agza ýurtlaryň Liwiýa goýlan ýarag embargosyna laýyklykda hereket etmekleri barada çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Liwiýadaky hüjümi ýazgaryp garaşsyz derňew işiniň geçirilmegi barada çagyryş beripdi

 

 



Degişli Habarlar