Wenesuela bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Wenesuela, Germaniýa bilen gatnaşyklarda başlan kadalaşma etaby bilen ozal islenmeýän adam yglan edip öz ýurdyna iberen Germaniýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Daniel Martin Krieneriň Wenesuela gaýdyp gelmegine rugsat berdi

1229252
Wenesuela bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Eýýäm ençeme aý bäri uly syýasy krizisi başyndan geçirýän we agdarlyşyk synanyşyklaryna sezewar bolan Wenesuelada özüni wagtlaýyn ýurdyň döwlet baştutany yglan eden Milli mejlsiň başlygy Huaý Guaýdonyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa açyk ýagdaýda goldaw berýän Germaniýa bilen Wenesuelanyň arasynda buzlar eremäge başlady.  

Wenesuelanyň Daşary işler ministri Horhe Arreaza, iki ýurdyň arasynda gatnaşyklaryň kadalaşma etabyna girýändigini sosial media hasabynyň üsti bilen aýan etdi.

Horhe Arreaza, ýurdyň Döwlet baştutany Nikolas Maduronyň 6-njy martda islenmeýän adam yglan edilip, öz ýurdyna iberilen Germaniýanyň Karakasdaky ilçisi Daniel Martin Krieneriň, özara hormadyň çäginde iki tarapyň hem bähbidine laýyklykda Wenesuela gaýdyp gelmegine rugsat berendigini habar berdi.


Etiketkalar: #Wenesuela , #Germaniýa

Degişli Habarlar