Rus oppozisoner Alekseý Nawalnyý 10 gün azatlykdan mahrum edildi

Rus oppozisoner aktiwist we Galplyga garşy göreş gaznasynyň esaslandyryjysy Alekseý Nawalnyý, oppozisioner žurnalist Iwan Golunowa goldaw bermek maksady bilen geçirilen demonstrasiýalara gatnaşanlygy sebäpli 10 gün azatlykdan mahrum edildi

1228417
Rus oppozisoner Alekseý Nawalnyý 10 gün azatlykdan mahrum edildi

Rus oppozisoner aktiwist we Galplyga garşy göreş gaznasynyň esaslandyryjysy Alekseý Nawalnyý, oppozisioner žurnalist Iwan Golunowa goldaw bermek maksady bilen geçirilen demonstrasiýalara gatnaşanlygy sebäpli 10 gün azatlykdan mahrum edildi.

Ýurdyň paýtagty Moskwadaky Horoşewskiý kazyýetinde geçirilen kazyýet diňlenşiginde Alekseý Nawalnyý, Meduza atly habarlar portalynda işleýän žurnalist Iwan Golunowyň birnäçe wagt ozal göz tussaglygyna alynmagy bilen bagly geçirilen rugsatsyz proteste gatnaşandygy üçin 10 gün azatlykdan mahrum edildi.

Moskwada geçen aý göz tussaglygyna alynan, soň bolsa azat edilen oppozisioner žurnalist Iwan Golunowa goldaw bermek maksady bilen geçirilen demonstrasiýalada polisiýa işgärleri, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý bilen birlikde Reýter, Der Spiegel we oppozioner ýaýlym organlaryna agza žurnalistler bilen birlikde 200-den gowrak adamy göz tussaglygyna alypdy.



Degişli Habarlar