Fransiýada metjidiň öňünde hüjüm guraldy

Fransiýanyň Brest şäherindäki bir metjidiň öňünde guralan hüjümiň netijesinde 2 adam ýaralandy

1226808
Fransiýada metjidiň öňünde hüjüm guraldy

Fransuz metbugatynda berilen habarlarda, ýaşaýjylarynyň agramly bölegi musulman bolan Brest şäheriniň Pontanezen etrapçasynda bir adam metjide od açdy.

Hüjümiň netijesinde biri metjidiň ymamy jemi 2 adamyň ýaralanan wakadan soň ulagy bilen gaçan hüjümçi, birnäçe wagt soň ulagynyň ýanynda öli ýagdaýda tapyldy.

Ýaralanan adamlar hassahanada bejergi astyna alyndy, waka bilen baglanşykly bolsa derňew işi başladyldy.

Fransiýanyň Içeri işler ministri Kristof Kastaner, hadysa bilen bagly sosial media hasabyndan beren beýanatynda, gubernatorlardan ýurtdaky ybadathanalaryň howpsyzlygyny artdyrylmagyny isledi.


Etiketkalar: #metjit , #Fransiýa

Degişli Habarlar