Russiýada ýolagçy uçar uçuş zolagynyň daşyna çykdy

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

1226133
Russiýada ýolagçy uçar uçuş zolagynyň daşyna çykdy

Russiýanyň Burýatiýa Respublikasynda bir ýolagçy uçarynyň, howa menziline gyssagly gonan mahaly uçuş zolagynyň daşyna çykmagy netijesinde uçaryň 2 uçarmany ýogaldy, 22 ýolagçy bolsa ýaralandy.

Russiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Nižneangarsk-Ulan Ude saparyny amala aşyrmak üçin Nižneangarsk howa menzilinden uçan An-24 kysymly ýolagçy uçar, gysga wagt soň gyssagly ýagdaýda gonmak üçin howa menziline gaýdyp geldi.

Gonan mahaly uçuş zolagynyň daşyna çykan uçar, binalaryň birine degeninden soň ýanmaga başlady.

Takmynan 40 ýolagçynyň bolan uçardaky 2 uçarman ýogaldy, 22 ýolagçy bolsa ýaralandy.

Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.



Degişli Habarlar