Owganystanda iki amerikan esger ýogaldy

Owganystanda NATO-nyň çäginde iş alyp barýan 2 amerikan esger ýogaldy

1225356
Owganystanda iki amerikan esger ýogaldy

Owganystandaky NATO güýji tarapyndan berilen beýanatda, şahsyýetleri aýan edilmedik esgerleriň ýurdyň niresinde we haçan ýogalandygy barada maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan Taliban tarapyndan berilen beýanatda, Maýdan Wardak welaýatynyň Said Abad etrabyna guran hüjümlerinde 2 amerikan esgeriniň ölendigini öňe sürdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekeratry Maýk Pompeo, düýn agşam Owganystanyň paýtagty Kabula garaşylmadyk ýagdaýda sapar gurap, ýurdyň prezidenti Eşref Gani bilen duşuşyk geçirdi.

Taliban bilen geçirilýän gepleşiklerde öňe gidişlikleriň edilendigini aýdan Pompeo, gurama bilen öňümizdäki 3 aýyň dowamynda ylalaşyk gazanylmagyna garaşýandyklaryny habar berdi.

Owganystanda NATO-nyň çäginde iş alyp barýan 14 müň amerikan esger bar.



Degişli Habarlar