Russiýa: "ABŞ-nyň urup ýere gaçyrylan uçarmansyz howa ulagy Eýranyň howa giňişligindedi"

Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew, Eýranyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ýere gaçyrylan ABŞ-e degişli uçarmansyz howa ulagynyň od açylan mahaly Eýranyň howa giňişligindedigini habar berdi

1225015
Russiýa: "ABŞ-nyň urup ýere gaçyrylan uçarmansyz howa ulagy Eýranyň howa giňişligindedi"

Nikolaý Patruşew, ABŞ-Russiýa-Ysraýyl Üçtaraplaýyn howpsyzlyk maslahatyna gatnaşmak üçin baran Günbatar Iýerusalimde žurnalistlere beren beýanatynda, Waşingtonyň tersine Eýran tarapyndan ýere gaçyrylan ABŞ-e degişli uçarmansyz howa ulagynyň od açylan mahaly Eýranyň howa giňişliginde bolandygyny mälim etdi. 

Interwýusynda Nikolaý Patruşew: "Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, ABŞ-e degişli uçarmansyz howa ulagy Eýranyň howa giňişligindedi" diýip aýan etdi. 

Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli internet saýtda berilen habarda, Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Harby awiasiasy tarapyndan Oman aýlagyna serhetdeş bolan Hormozgan welaýatynyň Kuhmubarek şäheriniň kenarynda şu gün irden ABŞ-nyň Harby-howa güýçlerine degişli RQ-4 Global Hawk kysymly uçarmansyz howa ulagy od açylyp ýere gaçyrylandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar