Nigeriýada ýaragly toparlara garşy operasiýa geçirildi

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda ýaragly toparlara garşy geçirilen operasiýada 122 adam saklandy

1224958
Nigeriýada ýaragly toparlara garşy operasiýa geçirildi

Kano ştatynyň Polisiýa gullugynyň komisary Ahmed Iliýasu, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, ştatda ýaragly toparlara garşy operasiýalaryň geçirilendigini we şol çäkde 122 adamyň saklanandygyny habar berdi. 

Köp sanda adamyň ýaraly ýagdaýda gaçandygyny aýdan Iliýasu, operasiýada toparlara degişli 8 ýarag bilen köp mukdarda ok-däriniň ele salynandygyny habar berdi. 

Sebitde wagtal-wagtal çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar. 

 


Etiketkalar: #operasiýa , #ýarag , #Nigeriýa

Degişli Habarlar