Russiýa Trampyň Eýrana garşy girizjek täze sanksiýalary barada beýanat berdi

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýrana garşy täze sanksiýalar girizjekdigi baradaky sözleriniň üstünde durup geçdi

1224323
Russiýa Trampyň Eýrana garşy girizjek täze sanksiýalary barada beýanat berdi

Ýurdyň paýtagty Moskwada beren beýanatynda, ABŞ-nyň diýalog gurmagyň ýerine Eýrany dowamly häsýetde sanksiýalar bilen gorkuzýandygyny aýdan Rýabkow: “ABŞ-nyň Eýrana garşy täze sanksiýalary ýagdaýy erbetleşdirer. Bu oýlanyp edilen pozisiýanyň netijesidir” diýip belledi.

Sergeý Rýabkow, 28-nji iýunda Awstriýanyň paýtagty Weneada Kompleksleýin umumy hereket plany bilen baglanşykly geçirilmegi meýilleşdirilen maslahatyň kyn şertlerde geçjekdigini aýdyp: “Ylalaşygyň ýewropaly tarapdar ýurtlary, Eýrana bolan pozisiýasyny berkitmek üçin ABŞ bilen bilelikde oýun oýnamaga başlady” diýdi.


Etiketkalar: #Eýran , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar