Gruziýadaky protestler dowam edýär

Gruziýanyň paýtagty Tbiliside bir rus deputaty Sergeý Gawrilowyň 26-njy Ortodoks parlamentara Baş assambleýanyň maslahatyna ýolbaşçylyk etmeginden soň başlan protestler 3-nji bäri dowam edýär

1223938
Gruziýadaky protestler dowam edýär

Takmynan 5 sagat dowam eden protestde demonstrantlar, 21-nji iýunda parlament binasynyň golaýynda howpsyzlyk güýçleriniň demonstrantlary dargadan mahallary ýüze çykan hadysalarda köp sanda raýatyň ýaralanmagynyň ýurdyň Içeri işler ministriniň jogapkärdigini belläp, onuň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Beýleki tarapdan Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 20-nji iýunda göz tussaglygyna alynan ýüzlerçe demonstrantyň azat edilmegini ýene-de bir gezek talap eden demonstrantlar, raýatlara plastik ok atan polisiýa işgärleriniň jezalandyrylmagyny hem islediler.

Protestlerden soň ýurdyň mejlisiniň başlygy Irakli Kobakhidze wezipesinden çeklilendigini aýan edipdi.

Kobakhidze Azerbaýjandaky resmi saparyny bes edip, gyssagly ýagdaýda ýurduna gaýdyp gelipdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Gruziýada geçirilýän Russiýa garşy protestler sebäpli Russiýanyň howa ýollary kärhanalarynyň Gruziýa uçmagyny wagtlaýyn gadagan edýän kararnama gol çekipdi.

Putin tarapyndan gol çekilen kararnama görä, Russiýanyň howa ýollary kärhanalarynyň Gruziýa uçmagy 8-nji iýuldan başlap wagtlaýyn häsýetde gadagan edildi.



Degişli Habarlar