Donald Tramp NBC kanalyna interwýu berdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýran bilen söweşmek islemeýändigini we şert goýulmadyk ýagdaýda gepleşikler geçirmäge taýardyklaryny habar berdi

Donald Tramp NBC kanalyna interwýu berdi

Amerikanyň NBC kanalyna interwýu beren Tramp: “Eýran bilen söweşmek islemeýärin. Ozal görülip-eşidilmedik bir weýrançylyk bolar we men muny islemeýärin, emma ýadro ýarag edinip bilmezler” diýip belledi.

Eýran tarapyndan goýulyp bilinjek şerte nähili garajakdygy baradaky soraga Tramp: “Bu meniň meseläm däl. Şert bolmaly däl” diýip jogap berdi.

Tramp, mundan başgada Eýranyň ykdysady taýdan örän kyn ýagdaýdadygyny we gepleşiklere açykdygyna ynanýandygyny belläp: “Eýran ylalaşmak isleýär. Meniň ylalaşygym ýadro ýarag bilen baglanşykly. Eýran ýadro ýaragyň eýesi bolup bilmez. Häzirki wagtdaky ýagdaýyndan hoşaldygyny pikir etmeýärin. Ykdysadyýetleri hakykatdan hem erbet” diýip nygtady.

Tramp Kaşykçy jenaýaty bilen bagly bolsa, Kaşykcy jenaýatynyň şonsuz hem her kim tarapyndan derňelýändigini aýdyp: “Eýran bir gün ençeme adam öldürdi. Orta Gündogardaky beýleki ýurtlar hüjümçi. Eger Saud Arabystanyna üns bermek isleýän bolsaňyz, adyny tutup bolmajak beýleki ýurtlara ser salyň we näme bolýandygyny görüň” diýip nygtady.


Etiketkalar: Donald Tramp , Eýran

Degişli Habarlar