Owganystanda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Owganystanyň Kunar welaýatynyň Nur Gul etrabynda, terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen operasiýada 5 terrorçy öldürildi

1223534
Owganystanda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Kunar welaýatynyň gubernatory Abdulsattar Mirzakwal, metbugata beren beýanatynda, howpsyzlyk güýçleriniň etrabyň Mazar Dere obasynda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirendigini habar berdi.

Operasiýada DAIŞ-e agza 5 terrorçynyň öli ýagdaýdan ele salynandygyny aýdan Mirzakwal, 2-si daşary ýurtly guramanyň 14 agzasynyň bolsa diri ýagdaýda saklanandygyny mälim etdi.

Gubernator Mirzakwal operasiýanyň netijesinde şeýle hem köp mukdarda ýaragyň we ok-däriniň ele geçirilendigini aýan etdi.


Etiketkalar: #DAIŞ , #Owganystan

Degişli Habarlar