"ABŞ gepleşik isleýän bolsa sanksiýalary bes etmeli we Eýranyň hökümetini kabul etmeli”

“Eýrana basyş edýän adam bilen gepleşik stoluna oturmak egilşik etmekden başga zat däl”

1221605
"ABŞ gepleşik isleýän bolsa sanksiýalary bes etmeli we Eýranyň hökümetini kabul etmeli”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, "ABŞ gepleşik geçirilmegini isleýän bolsa ilkinji nobatda sanksiýalary bes etmeli we Eýranyň hökümetini kabul etmeli”diýdi

Paýtagt Tähranda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat beren Ruhani, ABŞ bilen geçirlip bilinjek gepleşikler hakynda garaýyş beýan etdi.

Ruhani, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy göz öňünde tutmak bilen, “Eýrana basyş edýän adam bilen gepleşik stoluna oturmak egilşik etmekden başga zat däl” diýdi.

Ruhani “ABŞ gepleşik geçirilmegini içginlik bilen isleýän bolsa ilkinji nobatda bu meselede amatly şert döretmeli, munyň üçin ähli sanksiýalary bes etmeli we eýranyň halkynyň sesi bilen hâkimiýet başyna gelen hökümeti kabul etmeli” diýdi.



Degişli Habarlar