Eýran bilen Russiýa 12 ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy

Eýran bilen Russiýa ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy

1221130
Eýran bilen Russiýa 12 ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy

Eýran bilen Russiýa energetika, saglygy goraýyş, denizjilik we syýahatçylyk ýaly ugurlarda 12 ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak bilen Eýranyň Energetika ministri Ryza Erdekaniýan, Yspyhan şäherinde duşuşdy.

Erdekaniýan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Eýranyň Energetika ministri demir ýoly, saglygy goraýyş, denizjilik, syýahatçylyk we tehnalogiýa ýaly birnäçe ugurda Eýran bilen Russiýanyň arasynda 12 ylalaşyk teswirnamasynyň baglaşylandygyny belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar