Antoniu Guterreş Idlibde dowam edýän çaknyşyklara alada bildirdi

Guterreş, Idlibde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda metbugata beýanat berdi

1221253
Antoniu Guterreş Idlibde dowam edýän çaknyşyklara alada bildirdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Siriýanyň Idlib etrabynda dowam edýän çaknyşyklara alada bildirýändigini nygtap, Türkiýe bilen Russiýa durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmekleri barada çagyryş berdi.

Guterreş, Idlibde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda metbugata beýanat berdi.

Idlibdäki çaknyşyklaryň artmagyna alada bildirýändigini aýdan Guterreş, “Esasan Idlibdäki ýagdaý barha agyrlaşýar we munyň jerimesini asuda ilat çekýär” diýdi.

Guterreş “Astana etabynyň hemaýatkärlerine, esasan 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ylalaşyga gol goýan ýurtlar hökmünde Russiýa bilen Türkiýä, Idlibde durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin gyssagly herekete geçmek barada çagyryş berýärin” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar