"ABŞ Taliban bilen geçiriljek 7-nji parahatçylyk gepleşiklere taýar"

"Biz Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyny isleýäris”

1221429
"ABŞ Taliban bilen geçiriljek 7-nji parahatçylyk gepleşiklere taýar"

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad, ýurdunyň Taliban bilen ýakynda geçiriljek 7-nji parahatçylyk gepleşiklerine taýardygyny aýtdy.

Halilzad Twitter arkaly beren beýanatynda, gepleşiklerde parahatçylyk şertnamasynyň tekstiniň üstünde işlenilýändigini ýatlatdy.

Ady agzalýan tekstde terrorçylyga garşy göreşiň kepillendirilmegi, Talibanyň owgan ýolbaşçylar bilen göniden gepleşik geçirmegi, hüjümleriň bes edilmegi we daşary ýurtly güýçleriň ýurtdan çekilmegi ýaly meseleleriň ýer alýandygyny aýdan Halilzad, bu dört ugur boýunça ylalaşylman halatynda parahatçylygyň üpjün edilip bilinmejekdigini belledi.

Halilzad “Taliban bilen 7-nji gezek parahatçylyk gepleşiklerine taýarlanýarys. Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyny isleýäris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar